Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy aldy.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň çykyşlary guraldy. Bezelen arçalar, çagalaryň şadyýan sesleri hemmeleriň söýgüli baýramyna özboluşly öwüşgin çaýdy. 2025-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de «Ylham» seýilgähinde ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlarda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň ýeten sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edildi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek bu ýyl hem ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açar.