25.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
2020-nji ýylda Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler
2020-nji ýylda Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyry geçiriler
20.12.2019 420 Sport

18-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow Halkara tennis federasiýasynyň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmek hakyndaky teklibi barada hasabat berdi.

Bu bäsleşige 17 döwletden sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş eden türgenler 2021-nji ýylda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama bäsleşigiň 3-nji toparyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Halkara tennis federasiýasy bu halkara ýaryşy 8 — 15-nji iýun aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip hem-de bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl ýurdumyzda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň we Futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň, 2021-nji ýylda bolsa Trek welosporty boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu abraýly ýaryşlara taýýarlyk görmek we şolaryň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.