«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýen şygar
astynda geçip barýan 2019-njy ýyl ençeme syýasy, ykdysady, medeni wakalara
beslenip, öz adyny taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ynha, düýn,
ýagny 27-nji dekabrda bolsa Gahryman we mähriban Arkadagymyz – hormatly Belent
Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde deputatlar we halk bilen giňden ara
alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, 2020-nji ýylyň şygaryny
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip yglan etdi. Bu ajaýyp
şygar merdanalyk mekdebini müdimi özleşdirip ýaşaýan halkymyz üçin buşluk bolup
ýaňlandy. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip
yglan edilmegi mynasybetli milli goşunymyzyň edermen Watan goragçylarynyň
adyndan hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden
gutlaýarys. Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň – hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli
işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda
döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap
atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen,
ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine,
parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitli halkara
hyzmatdaşlyga esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatymyzy, umumadamzat ähmiýetli
halkara başlangyçlary giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda, şeýle hem
geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden
bellenilip geçilmeginde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary
bize öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam eder.
Bitaraplyk derejesi dünýäde iki gezek ykrar edilen
hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen Berkarar Watanymyzyň
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk halkymyzyň milli
guwanjyna we mertebesine öwrüldi. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli daşary
syýasy ugry netijesinde, bu gün Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylyk
söýüjilikli döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň tutuş adamzadyň,
abadançylygyň we ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlary sebitde
howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde uly orun eýeleýär.
Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň – hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň kabul edýän çözgütleriniň ählisi mähriban halkymyzyň
eşretli, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy babatdaky aladalardan gözbaş
alýar. Hakykatdan-da, «Ýyllar gelşinden belli» diýlişi ýaly, Täze — 2020-nji
ýyl hem çyn ýürekden edilen dilegleri Arşa göterjek, ojaklara diňe gowulyklary
getirjek, didelerden bagt ýaşy bolup döküljek, tutumlary uludan tutuljak ýyl
bolup, toýlary toýa, ýeňişleri ýeňşe seplär!
Halkymyz Watan gymmatlygyny mukaddeslik
hasaplaýar. Ata Watanyň parahatlygy, halkyň rahat durmuşy Watan goragçylary
üçin mukaddes borçdur. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parahatçylyk
söýüjiligi ýörelge edinýän içeri we daşary syýasaty eziz Watanymyzyň her bir
gününi bagtyýarlyga, unudylmajak şatlykly pursatlara besleýär. Bu gün ähli
halkymyz, şol sanda Watan goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp
barýan beýik işlerine, ynsanperwerlik ýörelgelerine, halkara derejede gazanýan
at-abraýyna tüýs ýürekden buýsanýarlar hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyza
ählihalk Lideri hökmünde çäksiz alkyş we köp sagbolsun aýdýarlar.
Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
baştutanlygynda ak ýyllaryň ganatynda mertebeli menzillere barýan eziz
Watanymyzyň dünýä dolan şany watandaşlarymyzyň her biriniň köňlüne ganat,
ýüregine ylham, işlerine rowaçlyk bersin!
«Milli goşun».