milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy
17.11.2023 870 Habarlar

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady. Bu forumyň çäklerinde — şu gün ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Şeýle ýaşlaryň arasynda merdana Watan goragçylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hem bar:

Begenç Bäşimow — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby.

Myrat Gurbanow — Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.

Myratgeldi Hallyýew — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň aýdym-saz toparynyň uly gözükdiriji-sazçysy.

Sona Esenmämmedowa — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 11204 harby bölüminiň abatlaýyş rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Bagtyýar Allowow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby.

Hangeldi Rozyýew — Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby meýdan terapiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory.

Osman Aşyrow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň jeza çärelerini ýerine ýetiriş kafedrasynyň mugallymy.

Batyr Ilamanow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Meýlismyrat Orazmyradow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň uly gözegçisi.

Rahat Töräýew — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň serkerdesi.

Saparsoltan Darrynowa — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň serkerdesi.

Agaýusup Ýakubow — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky içerki goşunlaryň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy.

Mergen Sultanow — Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.

Furkatžan Matkurbanow — Türkmenistanyň Serhet institutynyň serkerdesi.

Arslan Kakabaýew — Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň gözegçisi.