8-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň —
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň
ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň
düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara
laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan
awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolan,
ikitaraplaýyn gatnawly awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak
göz öňünde tutuldy. Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe
stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar.
Ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobil köprüsiniň binýadyna
türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenip ýadygärlik ýazgy ýazylan
gutyny goýberdi hem-de desganyň binýadyna pil bilen beton erginini guýup,
gurluşyga badalga berdi.