milli goshun logo
«Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!»
«Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!»
19.03.2022 2959 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumynyň öňündäki meýdançada dabaraly harby ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaraly pursatda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzümi hormatly Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýüzlenip, şu taryhy gün halkymyzyň öňünde, Berkarar Watanymyzy soňky demine çenli gözleriniň göreji ýaly gorajakdyklaryna kasam etdiler.

Dabaraly harby ýörişi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň birleşdirilen batalýonlary düzdi. Edermen Watan goragçylary «Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!» şygaryň astynda buýsanç bilen nyzamly ýöräp geçdiler. Munuň özi geljekde Watan goragçylarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine eýerip, diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyza ygrarly boljakdyklaryny görkezdi.

«Milli goşun».