milli goshun logo
Watansöýüjilige beslenen dabara
Watansöýüjilige beslenen dabara
27.01.2022 1243 Harby özgertmeler

27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni ata Watanymyza ak ýürekde wepaly gulluk edýän merdana Watan goragçylarynyň hünär baýramydyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda şanly senäniň uludan toýlanmagy, bagtyýar raýatlarymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan buýsanjyny dabaralandyrdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen aýdym-sazly dabara bu baýramyň şowhuny belende göterdi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, serkerdeler, harby talyplardyr harby okuwçylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk konsertinde uly joşgun bilen ýerine ýetirilen edebi-sazly çykyşlar myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri döretdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ata Watanymyz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleriniň waspy öz beýanyny tapdy. Munuň özi bolsa, ajaýyp zamanamyzda zähmet çekýän we bilim alýan watandaşlarymyzyň ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny artdyrdy.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».