milli goshun logo
Baýramyňyz gutly bolsun, gaýratly Watan goragçylary!
Baýramyňyz gutly bolsun, gaýratly Watan goragçylary!
27.01.2025 190 Habarlar | Harby özgertmeler

27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni. Bu sene ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň alyp barýan asylly işlerine hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Milli goşun» žurnalymyzyň redaksiýasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys!

Türkmen halky merdi-merdanalyga, watansöýüjilige gadyr goýýan halk. Ata-babalarymyz bu asylly häsiýetleri özleriniň gahrymançylykly ömür ýollary, ýagşy göreldesi, paýhasly sözleri bilen nesilleriň aňyna guýmagy başarypdyrlar. Hut şonuň üçin-de, türkmen halky, geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem edermen, gaýduwsyz halk hasaplanylýar. Mert pederlerimiziň edermenlik mekdebini mynasyp dowam edýän gerçek ogullar bu günki gün milli Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda buýsanç bilen gulluk edýärler.

Watanyň wepaly ogullary ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedow beýik ömrüni ýurt goragyna bagyşlan ynsanlardyr. Olar ýaş watançylara, işgärlere özüniň gullugy, halal zähmeti, watançylyk duýgulary, adamkärçilik, adalatlylyk ýaly häsiýetleri bilen görelde bolan şahsyýetlerdir. Watanyň wepaly ogullarynyň Watanymyz üçin, halkymyzyň asuda durmuşy üçin halal, ak ýürekden çeken zähmeti Watan goragçylaryna görelde mekdebidir.

Watan goragçylarynyň güni watansöýüjiligiň, mertligiň hem-de edermenligiň baýramydyr. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjegini belent watansöýüjilige ýugrulan baýramçylyk dabaralary gurşap alýar. Merdana pederlerimiziň edermenlik mekdebini mertlik bilen dowam edýän Watan goragçylaryna döwlet sylaglary gowşurylýar, harby atlar dakylýar hem-de hünär derejeleri berilýär. Munuň özi ykbalyny ata Watanyň goragyna bagyşlan gaýratly ogullaryň hormat-sarpasynyň belende göterilmesidir.

Sizi ýene-de bir gezek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gyzgyn gutlaýarys! Asylly hem-de jogapkärli işleriňizde üstünlikleriň we rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris! Goý, jan Watanymyz Türkmenistanda durmuşymyz abadan, asmanymyz hemişe asuda bolsun!