milli goshun logo
Merdana ogullaryň hormatyna gül desseleri goýuldy
Merdana ogullaryň hormatyna gül desseleri goýuldy
27.01.2025 166 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün – 27-nji ýanwarda ir säher bilen gaýratly Watan goragçylarymyz baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky ata-babalarymyzyň gahrymançylyklarynyň hormatyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ruhy tagzym edip, gül desselerini goýdular.

Merdana ogullaryň hormatyna gül desseleriniň goýulmagy ata Watany gözüniň göreji deý gorap, watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen ata-babalarymyza bolan çäksiz hormatyň nyşanydyr. Munuň özi Garaşsyz Diýarymyzda asudalygyň goragçylaryna goýulýan sarpany belende göterip, Watan mukaddesligini has-da dabaralandyrdy.