Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi
serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli watançylyk ruhuna beslenen dabara
geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň serhet çäklerini mynasyp derejede goramakda, harby borja wepalylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşurylyp, ýörite we harby atlary dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi. Munuň özi Diýarymyzda Watan goragçylaryna belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.
Döwlet sylaglaryny, ýörite we harby atlaryny hem-de hünär derejelerini uly buýsanç bilen kabul eden Watan goragçylary Döwlet baýdagymyza togap edip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.