milli goshun logo
PEDERLERIMIZIŇ YNSANPERWER ÝÖRELGELERI MYNASYP DOWAM ETDIRILÝÄR
PEDERLERIMIZIŇ YNSANPERWER ÝÖRELGELERI MYNASYP DOWAM ETDIRILÝÄR
25.09.2022 376 Habarlar

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler otagy köp adamly boldy. Bu ýerde geçirilen çäre dünýäniň onlarça milletiniň wekillerini, Türkmenistanda hereket edýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny, il sylagly ýaşululary, Daşary hem-de Içeri işler ministrlikleriniň we habar beriş serişdeleriniň işgärlerini bir ýere jemledi.

Bu gün köpleriň ýadynda müdimilik galjak günleriň birine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gol çeken ynsanperwer Permanyna we taryhy Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Bu gün meniň üçin ýatdan çykmajak günleriň biri. Bu gün men Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildim. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Men bu pursata örän köp wagt garaşypdym. Şu gün bolsa şol arzuwym hasyl boldy. Men bütin dünýäde parahatçylygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýan Türkmenistanyň raýaty boldum. Geljekde hormatly Prezidentimiziň döredip beren bu giň mümkinçiliklerine jogap edip, öz halal zähmetim, yhlasym bilen eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşandymy goşaryn. Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn, jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!» – diýip, Türkmenistanyň raýaty Baýramowa Sýuzanna öz ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Soňra bu günki geçirilen ynsanperwer çäre barada TDMG-niň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor Remezan Gullyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüňleri berdi:

– Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu günki dabara hem şonuň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny we Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama alan adamlaryň şatlygyna özüňiz hem şaýat bolansyňyz. Olaryň başdan geçirýän duýgularyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Biz – bagtly döwrüň bagtyýar ýaşaýjylary. Şu gün hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ynsanperwer Permany esasynda dünýäniň 26 milletiniň 1530 wekili biziň bilen deň derejede şol bagtyň eýesi boldular. Şeýle hem 9 döwletiň raýatlarynyň we 23 milletiň wekilleriniň 315 sanysyna Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama berildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryna doly eýerýändigini, oňyn migrasiýa syýasatyny alyp barýandygyny äşgär edýär. Türkmenistan bütin dünýäde raýatsyzlygy ýok etmek, demokratik ýörelgeleriň we adam hukuklarynyň berkarar bolmagy ugrunda daşary hem-de içeri syýasaty alyp barýar. Häzirki güne çenli 28 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdýarlar. Biz hem ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasata mynasyp goşant goşmak bagtyna eýe bolandygymyz üçin diýseň buýsanýarys we munuň üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris!

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!