milli goshun logo
Mähirli gutlag
Mähirli gutlag
1 gün öň 12 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Täjigistan Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler, ýurduň ykdysady ösüşinde ýetilen belent sepgitler, şeýle hem dünýäde at-abraýynyň yzygiderli berkemegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady. Hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly şahsy goşant goşýandygyny hem-de aýratyn üns berýändigini belläp, türkmen-täjik doganlyk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine geljekde-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.