milli goshun logo
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy
10.08.2024 401 Habarlar

Düýn – 9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Onuň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we halklarynyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny görkezýän bu sammitde hormatly Prezidentimiz çykyş edip, häzirki wagtda şeýle dialogyň aýratyn islege eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda doganlyk döwletleriň garaýyşlarynyň örän düýpli we giňişleýin beýan edilmegine möhüm ähmiýet berildi.