milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
16 sagat öň 20 Habarlar

Şenbe güni – 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak babatda geçirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.