milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
1 gün öň 12 Habarlar

Düýn – 4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar, Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi. 

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.