milli goshun logo
Mertler Watany beýgeldýär
Mertler Watany beýgeldýär
03.08.2021 3698 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Baý many-mazmuna beslenen maslahat hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Ýaragly Güýçlerimiziň hataryna täze gelip gowşan harby uçarlar bilen tanyşmagy, täze sesden çalt uçýan harby uçarlaryň birini ussatlyk bilen dolandyrmagy we şol pursadyndaky geýen harby uçarmanyň lybasyny Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binasynyň muzeýine sowgat bermegi mynasybetli guraldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplardyr harby okuwçylar gatnaşdylar.

Harby gullukçylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda milli goşunymyzyň ygtyýaryna gelip gowşan harby uçarlar dogrusynda, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň asman giňişliginde täze harby uçara ussatlyk bilen erk edişi hakynda buýsançly çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň we beýleki harby aýdym-saz toparlarynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde watansöýüjiligi, merdanalygy wasp edýän belent owazlar ýaňlandy. Täsirli mukamlar gatnaşyjylaryň watançylyk joşgunyny, harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuny has-da galkyndyrdy.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».