milli goshun logo
«Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi
«Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi
03.03.2020 2103 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Medeniýet öýünde «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýetip gelýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen çärä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden Watanymyza wepalylyk bilen gulluk edýän zenan harby gullukçylar gatnaşdylar.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu döredijilik bäsleşigi zenan harby gullukçylary harby borçlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmäge we harby kasamyna wepaly bolmaga ruhlandyrýar. Bäsleşik Watanyň, ene topragyň ykbalyny öz ykbaly bilen pugta baglan, döredijilige ukyply, zehinli harby zenanlary bir sahna jemledi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan zenan harby gullukçylar öz hünärleriniň ähmiýeti, Watanymyza, harby kasama bolan duýgularyny, türkmen halkynyň gadymy milli we ruhy gymmatlyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de, döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpa barada aýdymdyr goşgulary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň çäginde oňa gatnaşyjylar sahnada türkmen halkynyň taryhynda taýsyz gahrymançylyk görkezip, ägirt uly yz goýan belent ykbally zenanlaryň keşplerini janlandyrdylar. Türkmen gelin-gyzlaryny batyr we mert söweşijiler, öý-ojaklarymyzyň bezegi hökmünde häsiýetlendirýän dürli sahnalar ýerine ýetirildi. Aşpezlik we el işleri ugry boýunça guralan jemleýji şertler bolsa, bäsleşigi jemledi.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Şeýlelikde, 1-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Gülbahar Gurbanmyradowa, 2-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Sähra Halmuhammedowa, 3-nji orunlara kapitan Aýna Haýdarowa we kapitan Laçyn Mejidowa dagylar mynasyp boldular. Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan zenan harby gullukçylara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň suratlaryna «Multimediýa» bölüminde syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».