milli goshun logo
Harby kasamy kabul eden harby gullukçylar – ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň mizemez daýanjy
Harby kasamy kabul eden harby gullukçylar – ýurdumyzyň konstitusion gurluşynyň mizemez daýanjy
15.06.2020 3672 Harby özgertmeler

Şu günler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanyna laýyklaykda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşun görnüşlerine kabul edilen ýaş esgerler mukaddes harby kasamy kabul edýärler. Muňa bagyşlanan çäreleriň biri ýakynda, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasynyň öňünde dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu bize Watan goragçylarynyň halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň kepili hökmünde çykyş edýän konstitusion gurluşynyň mizemez daýanjydygyny nobatdaky gezek ýatlatdy.

– Harby kasam kabul etmek – islendik erkek adamyň durmuşynda iň möhüm waka. Şol sebäpden, ýurduň Esasy Kanunynyň hormatyna dikeldilen binanyň öňünde şu harby däp-dessuryň geçirilmegine gatnaşmak – biz üçin diýseň uly bagt. Bu ýerde biz Watanymyzy gorajakdygymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdimize kasam etdik – diýip, guryýer goşunlarynyň ýaş esgeri Azat Rahmanow habarçymyza gürrüň berdi.

Bu harby däp-dessura gatnaşmazdan ozal, goşuna täze gelen esgerler başlangyç harby taýýarlygy geçdiler. Munuň netijesinde dabara ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Täze harby lybasly ýigitler sazlaşykly, nyzamly hereketleri bilen dabara gatnaşan myhmanlarda täsir galdyrdylar.

Esgerleri möhüm waka bilen gutlamak üçin diňe ýakyn garyndaşlary däl, eýsem il sylagly ýaşulular hem ýygnandy. Olar ýaşlara ýüzlenip, Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetli, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bähbidine mynasyp gulluk etmäge çagyrdylar.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».