milli goshun logo
Beýik Ýeňşe goşant goşan daşoguzly weteranlar sylaglanyldy
Beýik Ýeňşe goşant goşan daşoguzly weteranlar sylaglanyldy
05.05.2020 2000 Harby özgertmeler

Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler, dabaralar ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýar. «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanan ildeşlerimiz dabaralaryň iň arzyly myhmanlary bolýarlar. Şeýle dabaralar ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bolan Daşoguzda hem üstünlige beslendi.

Daşuguz welaýat häkimligi, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerli harby wekillikleri tarapyndan guralan dabara Watan üçin gara başyny orta goýan mertleri tirsegine galdyrdy. Bagtyýar günlerimize şaýat bolup, aramyzda gezip ýören uruş weteranlarynyň ruhy bu gün has belentde. Olaryň ählisi ýubileý medallary we sowgatlar bilen sylaglanýarlar. Şanly sene mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolup, saglyk ýagdaýy sebäpli dabaralara gatnaşyp bilmedik weteranlara sylaglar olaryň mukaddes öý-ojaklarynda gowşurylýar.

Çäreleriň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».