milli goshun logo
Baýramçylyk owazlary
Baýramçylyk owazlary
26.01.2022 1545 Harby özgertmeler

Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli medeni çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Paýtagtymyzdaky «Gül zaman» medeni dynç alyş merkezinde hem bu baýramyň şanyna «Watan goragy – merdanalyk mekdebi» atly aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi guraldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde eziz Watanymyza gulluk edýän harby gullukçylar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Merkezi serkerdeler öýüniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, şeýle hem «Göreldeli» harby orkestriň harby gullukçylarynyň belent owazda ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.

Joşgunly owazda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlarda eziz Watanymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda belent maksatlar bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýeten rowaçlyklarynyň waspy belentden ýaňlandy.

Konserte gatnaşyjy Watan goragçylary özleriniň ajaýyp baýramynyň joşgunly ruhubelentlige beslenip geçirilmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».