milli goshun logo
ASUDA ASMANYMYZYŇ DEMIR BÜRGÜTLERI
ASUDA ASMANYMYZYŇ DEMIR BÜRGÜTLERI
27.09.2022 2021 Harby özgertmeler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly harby ýöriş Harby-howa güýçleriniň söweşjeň uçarlarynyň we dikuçarlarynyň paýtagtymyzyň asmanyna görk berip uçup geçmekleri bilen dowam etdi. Asuda asmanymyzyň goragçy bürgütleri bolan dikuçarlardyr uçarlar tehnikanyň iň soňky gazanan enjamlary we ýaraglary bilen üpjün edilendir. Olar garşydaşyň howa güýçlerini ýok etmäge, howadan gelýän hüjümlerini serpikdirmäge we guryýer goşunlaryny goldamaga we ýükleri hem-de harby gullukçylary daşamaga niýetlenendir. Ussat harby uçarmanlaryň erk etmeginde olar ýurdumyzyň howa çäkleriniň ygtybarly galkanyna öwrülýärler. Harby-howa güýçleriniň söweşjeň uçarlary asmanda ýeňillik bilen çylşyrymly tilsimleri, öwrümleri we hereketleri etmäge, uçuş wagtynda ot açmaga ukyplydyrlar. Söweşjeň uçarlaryň dabaraly ýörişiniň ahyrky hatary paýtagtymyzyň asmanyny Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen bezäp geçdiler. Bu ajaýyp görnüş dabara gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlama galdyrdy.

 Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun»