milli goshun logo
«Ýylyň watançy zenany» adynyň eýeleri
«Ýylyň watançy zenany» adynyň eýeleri
01.03.2019 1577 Harby özgertmeler

Bäş müň ýyllyk taryhly türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ary-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara sarpa goýup gelipdir. Bu  gün hem mukaddes Watanymyzda zenanlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, sazlaşygyň, kämilligiň şuglasy hökmünde görülýär. Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün ajaýyp zamanamyzda, bagtyýar durmuşymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň zenanlara goýýan çäksiz hormaty, ýurdumyzyň abraý-mertebesi türkmen topragynda bitirilýän beýik işler bilen ganatlanýar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap edip, zenanlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige gatnaşyjylar alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda dürli ugurlar boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.

«Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmet çekip, türkmen zenanlarynyň dogumyny, güýç-gaýratyny görkezip, jebis türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan harby we hukuk tertibini ösdürmekde saldamly goşant goşýan 4 sany harby gullukçy zenan «Ýylyň watançy zenany» diýlip yglan edildi. Olar:

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Territorial goranyş goşunlary müdirliginden kapitan Gülnabat Jumaýewa Jumagulyýewna;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginden uly leýtenant Maýsa Ataýewa Maksadowna;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Raketa goşunlary we artilleriýa müdirliginden kapitan Läle Akmyradowa Gurbandurdyýewna;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlary müdirliginden maýor Ysmaýylowa Hatyja Taganmämmedowna.

Biz hem mukaddes borjy birkemsiz ýerine ýetirýän zenan harby gullukçylarymyzy mynasyp bolan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Ýüzleriňizden ýylgyryş, gözleriňizden bagtyň nury gitmesin, «Ýylyň watançy zenanlary!»

«Milli goşun».