milli goshun logo
«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» bäsleşiginiň jemi jemlendi
«Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» bäsleşiginiň jemi jemlendi
29.11.2018 1734 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçi serkerdeleriniň hünär taýýarlyklaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak we harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýeňijileri kesgitlemegiň tertibine laýyklykda, dört şert boýunça geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrlary  harby bölümlerde geçirildi we ýeňiji bolan terbiýeçi serkerdeler bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Jemleýji tapgyrda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik, hünär taýýarlyklaryny gowulandyrmakda, harby gullukçylar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda we döwrebap okuw tejribelerini ýaýmakda tapawutlanan terbiýeçi serkerdelere mynasyp baha berildi.

Şeýlelikde, bäsleşikde üç sany baýrakly orun kesgitlenildi. 1-nji orny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň harby gullukçysy leýtenant Aýjeren Bazarowa 2-nji orny TGM-nyň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň harby gullukçysy kapitan Göwher Sopyýewa 3-nji orny Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň harby gullukçysy leýtenant Guwanç Allaberdiýew dagylar eýeledi. Birinji baýrakly orna mynasyp bolan terbiýeçi serkerde «Ýylyň terbiýeçi serkerdesi» diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan terbiýeçi serkerdelere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy. 

«Milli goşun».