milli goshun logo
Ýylyň birinji ýarymynda jemi öndürilen önüm 6,7 göterim artdy
Ýylyň birinji ýarymynda jemi öndürilen önüm 6,7 göterim artdy
06.07.2019 433 Habarlar

5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Myradow milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň birinji ýarymynda gazanan netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe pudaklaryň ählisinde we sebitlerde durnukly ösüşiň üpjün edilendigini, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,7 göterim artdy.

Wise-premýer bölek-satuw haryt dolanyşygy barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bu görkezijiniň 19,1 göterim artandygyny aýtdy.