milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi
23 sagat öň 20 Habarlar

Düýn – 3-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak, özara hormat goýmak esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Söhbetdeşler täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, bu ulgamy kämilleşdirmegiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýandygyny tassykladylar.