milli goshun logo
Ýurdumyzda neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi
Ýurdumyzda neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi
04.12.2022 337 Habarlar

3-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çägindäki ýörite toplumda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda bikanun dolanyşykdan alnan neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýygnananlara bikanun dolanyşykdan alnan neşe serişdeleri, temmäki önümleri, derman serişdeleri görkezildi. Soňra haltalar yzly-yzyna ýörite peçlere atyldy. Her bir isleg bildiren bikanun dolanyşykdan alnan serişdeleri öz eli bilen ýanyp duran peje oklap, bu asylly işe gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Bellenen kadalara laýyklykda, neşe serişdeleriniň ýakyp ýok edilmegine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.