milli goshun logo
Ýokary we takyk asmana atyjy raketa toplumlary – üstünligiň açary
Ýokary we takyk asmana atyjy raketa toplumlary – üstünligiň açary
13.06.2019 2288 Harby özgertmeler

13-nji iýun. 2019-njy ýyl üçin harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamagyň netijesinde geçirilen harby okuw-türgenleşiginiň dowamynda Ýaragly Güýçlerimiziň asmana atyjy raketa toplumlary söweşe doly taýýarlydygyny görkezdi. Asmana atyjy raketa toplumlary «Garşydaşyň» howa urgularyny serpikdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirip, dürli howa nyşanalaryny ýok etdiler.

Harby tälimiň dowamynda birden howa nyşany asmana uçuryldy. Ol nyşan «garşydaşyň»  söweş uçaryny aňladýar. Ol nyşanany häzirki zaman asmana atyjy raketa kül-peýekun etdi. Sanalgyja sekuntda gözden gaýyp bolýan raketalaryň tizligi we uçanda sekuntsaýyn üýtgeýän araçäkleri görenleri täsin galdyrýar.

Ýerdäki «garşydaşyň» hereket edýän meýdançasyna gaçan snarýadlar nyşanalaryň hemmesini yzygiderli ýok etdi. Asmana atyjy raketa toplumlary islendik harby ýagdaýda üstünligiň açary bolup durar. Bu döwrebap tehnikalaryň atyş takyklygy biziň harby gullukçylarymyzyň ýokary söweşjeň ukyplylygyny tassyklady. Şeýle hem harby-okuw türgenleşiginde iň täze ýaraglaryň nusgalary üstünlikli synagdan geçirildi.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».