milli goshun logo
YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY
YNSANPERWERLIGIŇ BELENT NUSGASY
21.08.2022 609 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde müdiriýetiň ýolbaşçysy Ç.Amanow Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän önümlerden süýjülik dadymlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gowşuryp bermegi haýyş etdi.

Hormatly Arkadagymyz şu gün säher bilen döwlet Baştutanymyzdan harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky tabşyrygy alanlarynda, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen önümlerden gowşuryljak süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara geçirmek barada görkezme berlendigini aýtdy. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz azyk we gök, miwe önümlerini Döwletliler köşgüniň şu günler Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan çagalaryna gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.

Ösüp gelýän nesil, maşgala gymmatlyklarynyň hem-de ruhy taglymlaryň dowamat-dowamlylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan durmuş ugurly syýasatyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly terbiýelenilmegi hem-de aň-paýhas başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar süýjülik dadymlygyny şatlyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize bagtyýar çagalyk üçin hoşallyk bildirdiler.