Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlap, olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.
Uruş weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli mähirli gutlaglar we berk jan-saglyk arzuwlary aýdyldy. Tämiz, ak dabaraly harby lybasly harby okuwçylaryň bu asylly işlere şaýat bolan uruş weteranlarynyň töweregindäki garyndaşdyr goňşulary ýakymly täsirleriň astynda galdylar. Olar buýsanç bilen «Gahrymanlary şeýdip ýatlamaly, hormatlamaly. Berekella!» diýdiler.
Elbetde, iň uly sowgat – üns bermekdir. Ýaş
watançylar durmuşynda dürli wakalary başdan geçiren Beýik Watançylyk urşunyň
weteranlary bilen gyzykly gürrüňler etdiler. Çal saçly gahrymanlar tüýs atalary
hökmünde ýaşlara Watanyny söýmek, kynçylyklara seretmezden, öz maksadyňa tarap
gitmelidigi barada öwüt-nesihat berdiler:
«Siz iň ajaýyp döwürde, iň ajaýyp ýurtda ýaşaýarsyňyz. Şonuň üçin her bir pursatyň gadyryny bilip ýaşaň» diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Dmitriý Aleksandrow Aleksandrowiç harby okuwçylara ýüzlenip sözüni dowam etdi: «Men ömrümboýy «Türkmenistan – rowaçlygyň ýurdy» diýip aýdyp gelýärin. Şol sözler amal bolup, Watanymyz rowaç bolar ýaly men öz egindeşlerim bilen iň agyr ýyllarda göreşdim. Sizem şulary nusga edinip ýaşaň, bu barada geljekki nesillere-de aýdyň!».
Sowgat
goşurylyş dabarasynyň fotosuratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».