milli goshun logo
Ýaş esgerleriň harby gulluga uýgunlaşma döwri
Ýaş esgerleriň harby gulluga uýgunlaşma döwri
18.11.2019 3043 Harby özgertmeler

Biz häzirki wagtda amala aşyrylýan güýzki çagyryş möwsüminiň dowamynda milli goşunymyza harby gulluga gelen harby gullukçylaryň ilkinji gulluk hepdeleri barada okyjylarymyza giňden gürrüň bermegi makul bildik.

Harby bölümlere gelenlerinden soň, ýaş esgerlere uýgunlaşma döwri garaşýar. Olar harby kasamy kabul etmäge taýýarlyk görýärler, täze gün tertibine öwrenişýärler we ilkinji gezek esger hökmünde ellerine ot açýan ýarag alyp görýärler.

Harby bölüme gelip, ýaş esgerler öz serkerdeleri bilen tanyşýarlar. Olar ýaş esgerlere geljekde öňünde duran wezipeleri barada aýdyp, harby bölümiň işi barada umumy düşünje berýärler. Hatarçylara bilimleri, iş hünärleri, başarnyklary barada soraglar berilýär. Şular ýaly ýüzbe-ýüz we toparlaýyn gürrüňdeşlikler tä her bir ýaş esgeriň wezipesi we borjy anyk kesgitlenýänçä ähli uýgunlaşma döwrüniň dowamynda ýygy-ýygydan geçiriler.

Soňra täze gelen harby gullukçylar harby bölümde doly hasaba alnyp, üpjünçiligiň ähli görnüşlerine goýulýar. Uýgunlaşma döwrüniň dowamynda ýaş esgerler özlerini nyzamda dogry alyp barmagy öwrenýärler. Şol sanda olar ilkinji gezek esgerler üçin naharhanany, ýatakhanalary we hammamy görmäge barýarlar.

Indiki günüň säherini harby gullukçylar ilkinji gezek «Rota turuň!» diýen buýrugy bilen garşylaýarlar. Harby bölümiň serkerdeleri we borçnama boýunça harby gullukçylary ýaş esgerleri kem-kemden gün tertibiniň kadalaryna salyp başlaýarlar – irden olar üçin beden taýýarlygyny geçirýärler, şahsy gigiýenasyna, ýorgan-düşekleri tertiplemäge, naharlanmaga sarp edilen wagtlary gözegçilige alýarlar. Şeýde-şeýde ýaş esgerler täze gün tertibine uýgunlaşyp başlaýarlar.

Şol bir wagtda ýaş esgerler nyzam taýýarlygyny geçýärler. Olar birmeňzeş depginde nyzamly ýöräp we serkerdeleriniň buýruklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, jebis topar hökmünde hereket etmäge girişýärler. Bu hem her bir harby gullukçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolan dabara – harby kasamy kabul etmäge gerek bolan türgenleşik bolup durýar.

Uýgunlaşma döwrüniň dowamynda ýaş esgerler harby düzgünnamalary we ýaraglaryň aýratynlyklaryny öwrenýärler. Nazaryýet bilimlerini olar Galkynyş otaglarynda alýarlar, türgenleşik merkezlerinde bolsa olar usulyýet taýdan kämilleşýärler. Şol okuw-türgenleşik meýdanlarynda ýaş esgerler ilkinji gezek öz atyş türgenleşiklerini geçirýärler.

Şeýlelik bilen ýaş esgerler harby durmuşa eýýäm birnäçe hepdäniň dowamynda doly öwrenişýärler.