milli goshun logo
Ýaş esgerler Ýaragly Güýçlerimiziň hataryny doldurýar
Ýaş esgerler Ýaragly Güýçlerimiziň hataryny doldurýar
14.05.2019 1821 Harby özgertmeler

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde harby wekillikler tarapyndan harby gulluga çagyrylan, Ýaragly Güýçlerimiziň hataryny doldurjak raýatlar üçin dabaraly ugradyş çäreleri gurnalýar.

Saglyk ýagdaýyny seljeriş iş toparyndan üstünlikli geçen raýatlar çagyryş haty boýunça harby wekilliklerine gelip, Watan goragy ýaly mukaddes borja gulluk etmegiň öňüsyrasynda durlar.

«Birnäçe çagyryş möwsümlerinde meniň harby gulluga gitmeli möhletim maşgala ýagdaýym zerarly yza süýşürildi. Bu gezek men harby wekillige Watana gulluk etmäge taýýar diýip arza ýazdym. Meniň ýakyn garyndaşlarym we doganlarym bu pikirimi goldadylar, şonuň üçin men Watan goragçysy bolmaga uly höwes bilen geldim. Men gullukdan dolanyp gelemde her bir işe jogapkärçilikli çemeleşýän, ýetişen, salyhatly, durmuşa taýýar adam bolup dolanaryn» diýip, gulluga çagyrylan raýat Eziz Öwezow  aýtdy.

Geljekde täze alnan ýaş esgerleriň öňünde umumygoşun taýýarlyklary, harby türgenleşikleri, harby kasamy kabul ediş we harby hünäri ele almaly günleri garaşýar.

«Milli goşun».