Şu gün
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Ýaňlan, Diýarym –
2019» telebäsleşiginiň jemi jemlendi. Oňa onlarça zehinli aýdymçylar bilen
birlikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň
çagyryş boýunça harby gullukçysy – Ahal welaýatynyň wekili hökmünde Ýusup Ataýew hem gatnaşdy.
Maýa Kulyýewa
adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uçurymy, zehinli Watan goragçysy
Ýusup Ataýew bäsleşigiň ilki etrap, soňra bolsa welaýat derejesindäki
tapgyrlarynyň ýeňijisi bolýar.
Ýaş aýdymçy
harby orkestr bilen bilelikde harby-medeni çärelerde yzygiderli çykyş edýär.
Onuň ýerine ýetirýän aýdymlary Watanymyza bolan çyn söýgä ýugrulan. Ol aýdymlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dabaralandyrýar, diňe goranyş
häsiýetli Harby doktrinasyna daýanýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň yzygiderli kämilleşdirilişini wasp edýär.
Bäsleşigiň
jemleýji tapgyrynda Ý.Ataýew «Göreldeli» harby orkestr bilen bilelikde «Her ykbalda, her keremde Arkadag!» diýen
aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Tomaşaçylarda ýatdan çykmajak duýgulary
galdyran zehinli harby gullukçynyň çykyşy joşgunly el çapyşmalar bilen
garşylandy.
– Milli
goşunymyzyň hatarynda gulluk edýän wagtyňda Watanymyzy wasp edýän aýdymlary
aýtmagyň özem meniň üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň bir bölegi hökmünde öz ukybym
bilen Milli goşunymyzyň söweşjeň ruhuny galkyndyrmak işine goşant goşmak meni
aýratyn buýsandyrýar. Pursatdan peýdalanyp hormatly Belent Serkerdebaşymyzy,
külli türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň XXVIII ýyllyk toýy bilen tüýs
ýüregimden gutlaýaryn – diýip, Ý.Ataýew öz ýürek joşgunyny beýan etdi.
Her ýyl
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýunyň öňýanynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly
döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Bu telebäsleşik ýaşlaryň
arasynda iň meşhur we abraýly döredijilik bäsleşikleriň birine öwrüldi.
Şunlukda,
«Ýaňlan, Diýarym – 2019» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyp, şowly
çykyş eden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň
çagyryş boýunça harby gullukçysy Ýusup Ataýew halypa sungat ussatlarynyň ýokary
bahasyna mynasyp boldy. Biz hem zehinli aýdymçymyzy tüýs ýürekden gutlap, oňa
sungat äleminde mundan beýläk hem üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Suratlar üçin «Multimediýa».
«Milli goşun».