milli goshun logo
Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary
Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary
25.09.2022 445 Habarlar

24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň uly topary «Altyn asyr», «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandylar.