milli goshun logo
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti
27.09.2022 312 Habarlar

26-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.

«Nowruz ýaýlasy» adyna eýe bolan hem-de giň gerimli dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrülen Ahal welaýatynyň bu ajaýyp künjeginde şu gün ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasynyň mazmuny türkmen halkynyň milli medeni mirasyny halkymyza mahsus milli aýratynlyklara laýyklykda, aýdyň keşpde janlandyrmakdan ybarat boldy. Bu ýere gelen myhmanlar türkmen halkynyň baý milli däp-dessurlaryny, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň ýerine ýetirýän işlerini synladylar, ak öýlere girip gördüler.

Konsertiň joşgunly çykyşlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanyp döredilen aýdymlar dowam etdi. Aýdymçylaryň hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda wideoşekiller hem görkezilip, olarda häzirki zaman Bitarap türkmen döwletiniň okgunly gadamlary beýan edildi. Bu konsert žanrlaryň köpdürlüligi we çykyşlaryň ilkinji gezek hödürlenilýändigi bilen tapawutlanýar.

Agşam «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu ýerde köp sanly tomaşaçylar üçin uly konsert maksatnamasynda meşhur estrada ýerine ýetirijileri, sazandalar, tans we etnografiýa toparlary çykyş etdiler.