milli goshun logo
Watanymyzyň halkara abraýyny galdyrmak maksady bilen
Watanymyzyň halkara abraýyny galdyrmak maksady bilen
15.12.2019 1454 Harby özgertmeler

Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan milli goşunymyzyň rowaçlanmagy üçin döredilýän mümkinçiliklerden biziň edermen harby gullukçylarymyz bilim we sport boýunça ýaryşlarda örän gowy netijeler görkezýärler. Serkerdeler, esgerler, harby talyplar we okuwçylar ýurdumyzda geçirilýän ylmy we sport bäsleşikleriň ýeňijileri bolup, özleriniň halkara bäsleşiklerine hem gatnaşmaga taýýardyklaryny subut edýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyz özüniň taryhy çykyşynda «Ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam etmeli» diýip belläp geçdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň harby okuwçylary dürli halkara mekdep olimpiadalaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy esasynda daşary ýurtlara iberilmeli mekdep okuwçylar toparynyň agzalary boldular.

Degişli işler merdana serkerdeleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda hem alnyp barylýar. Bu ýerde programma üpjünçiligini düzmek boýunça hünär öwrenýän harby talyplar halkara olimpiadalaryna taýýarlyk görýärler.

Biziň harby türgenlerimiziň halkara çärelerine yzygiderli gatnaşmagy özboluşly däbe öwrüldi. Harby institutda we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynda gulluk edýän esger-pälwanlarymzyň taýýarlyk derejesi gün-günden artýar. Olaryň halkara ýaryşlaryndaky ýeňişleri biziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýarlar.

«Milli goşun».