milli goshun logo
Watançylyk ruhuna beslenen dabara
Watançylyk ruhuna beslenen dabara
26.01.2019 1036 Harby özgertmeler

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň ilkinji aýynyň şanly senesiniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ruhubelent Watan goragçylarynyň gatnaşmaklarynda Diýarymyzyň çar künjeginde, şol sanda gözel paýtagtymyzda şowhuna beslenen baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şeýle aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan «Gül Zaman» toý mekanynda hem bolup geçdi. Ajaýyp toý mekanynda geçirilen aýdym-sazly dabaranyň belent ruhy oňa gatnaşan merdana ýurt goragçylarynyň göwünlerini göge göterip, buýsançlaryna buýsanç goşup, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza söýgüsini, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan çuňňur hormatyny has hem artdyrdy.

«Milli goşun».