milli goshun logo
Watan toýy täze jaýda
Watan toýy täze jaýda
26.01.2019 1728 Harby özgertmeler

«Öý – öý eýesiniň ruhunyň keşbidir» diýlişi ýaly, öýli bolmak, öý tutunmak türkmen halkymyzda ata-babalardan gelýän asylly ýörelgeleriň, arzuw-islegleriň, päk zähmetiň özboluşly jemlenmesi hasaplanylýar. Arassa, halal maňlaý deriňden öýi tutunmak, jaýly bolmak uly bagt. Hormatly Belent  Serkerdebaşymyzyň bize bagyş eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasyna öwrüldi. Has aýdyň aýtsak, eşretli zamanamyzda halal zähmet çekseň, ukyp-başarnygyňy görkezseň hormatly Prezidentimiz özüniň şa serpaýlaryny ýapýar, sylaglaýar. Her bir çekilen zähmet, gazanylan ujypsyzja netije hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň synçy nazaryndan düşmeýär.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary hem şeýle wakalara baý boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Harby gullukçylaryň Watan goragçylarynyň gününi baýram edýän günlerinde Watan goragynda sak durup, gözüniň göreji deý goraýan Watan goragçylarynyň ençemesine täze ýaşaýyş jaýlary sowgat berildi. Ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar göz öňüne tutulyp, ol dünýä derejesine doly laýyk gelýän derejede gurlupdyr. Muňa bolsa Watan goragçylarynyň we olaryň maşgalalarynyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredip berýän şertleridir.

Bu gün özlerine döredilip berilýän ajaýyp şertler üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna aýdylýan alkyşly sözler Watan goragçylarynyň zybanynda sena bolup ýaňlanýar. Şeýle bagta mynasyp bolan Watançylyk duýgusy joş alýan ýurt goragçylarynyň sany indi müňlerçedir. Ine, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda hem olaryň ençemesi baýramçylygy täze jaýlarynda garşylaýarlar, maşgala bolup toý tutýarlar.

«Milli goşun».