milli goshun logo
Watan ogullary hormata mynasyp
Watan ogullary hormata mynasyp
20.11.2020 1710 Harby özgertmeler

Watan, özüniň merdi-merdana gerçekleri bilen beýikdir. Watany beýgelden Watan ogullarynyň ady taryha ebedi möhürlenýär. Ine, gözel paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň Watan goragçylary üçin açylyp, ulanmaga berlen täze ýaşaýyş-jaý toplumyna hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagynyň çuňňur manysy bardyr.

Mälikguly Berdimuhamedow bütin ömrüni Watana, il-ulsuna bagyşlan ynsanlaryň biri. Onuň ömür ýoluna ser salsaň, munuň şeýledigine şaýat bolýarsyň.

Içeri işler edaralarynda gulluk edip, Mälikguly aga harby işiň inçe tärlerini yhlas bilen öwrenýär. Ol uly serkerdelige çenli şöhratly ýol geçip, harby gulluga ömrüniň 26 ýyldan gowrak wagtyny bagyş edýär. Mälikguly Berdimuhamedow nirede işlese-de, özüni guramaçylyk başarnygy bolan ukyply, eserdeň işgär hökmünde tanadypdyr.

Bu gün bolsa, täze ýaşaýyş-jaý toplumyna hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kakasynyň adynyň dakylmagy Watan ogullarynyň hemişe sarpalanýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Täze jaýlaryň açaryna eýe bolan harby gullukçylarymyz ýeňil bolmadyk harby işinde milli Liderimiziň kakasyndan görelde alýarlar.

«Milli goşun».