milli goshun logo
Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan sergi
Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan sergi
27.01.2019 1508 Harby özgertmeler

Düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda 27-nji ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyşy boldy. Sergi ýurdumyzda parahat we asuda durmuşy goramak, edermen halkymyzyň döredijiliginiň we taryhynyň täsiri bilen Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işleri şöhlelendirýär.

Sergide görkezilen eserlerdir esbaplar Milli goşunymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary, hususan-da, her ýyl geçirilýän, ussatlygyň ýokary derejesini üýtgewsiz görkezýän türkmen esgerleriniň harby ýörişlerini, duýdansyz barlaglaryny beýan edýär. Bulardan başga-da sergide gaýduwsyz esgerlerimiziň durmuşy we edermenlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklary — söweş esbaplary, ýaraglar, harby lybaslar, harby durmuşda ulanylýan enjamlar hem-de harby durmuşyň ruhuna aralaşmaga mümkinçilik berýän beýleki zatlar görkezildi.

«Milli goşun».