milli goshun logo
Watan goragçylaryň çagalary üçin gyşky dynç alyş möwsümi başlandy
Watan goragçylaryň çagalary üçin gyşky dynç alyş möwsümi başlandy
04.01.2020 1698 Harby özgertmeler

Täze ýylyň garşylanmagy bilen Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi hem başlandy. Olar dynç almak üçin Watanymyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradylýar. Şolar ýaly ajaýyp ýerleriň biri hem Türkmenistanyň Goranmak ministirligine degişli «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi bolup durýar. Däp bolşy ýaly, bu ýere her möwsümdäki ýaly, harby gullukçylaryň çagalary dynç almaga gelýärler.

«Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezine gelen ýetginjekler üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň gatnaşmagynda gyzykly konsert guraldy. Harby gullukçylaryň çagajyklary ajaýyp gülküli sahnalardyr we aýdymlar bilen dynç alyş möwsümini şadyýanlykda geçirýärler.

«Milli goşun».