milli goshun logo
Watan goragçylary ýokary söweşjeň taýýarlygyny görkezdiler
Watan goragçylary ýokary söweşjeň taýýarlygyny görkezdiler
13.06.2019 1352 Harby özgertmeler

13-nji iýun. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyyna getirmek barada beren buýrugy esasynda harby okuw-türgenleşigi üstünlikli geçirildi we onda Ýaragly Güýçlerimiziň we beýleki goşun görnüşleriniň harby gullukçylary ýokary söweşjeň taýýarlygyny görkezdiler.

Şu gezekki duýdansyz harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary,  Guryýer goşunlarynyň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Tälimlerde diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyza esaslanýan Watanymyzyň iň täze harby tehnikalarynyň nusgalary ulanyldy.

Geçirilen tälimiň esasy aýratynlygy – onuň transmilli howplara garşy göreşmek üçin niýetlenen endikleri harby gullukçylarymyzyň tarapyndan kämilleşdirilmegi bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we asudalygy Milli goşunymyz tarapyndan doly üpjün edilýänligi ýene bir gezek subut edildi.

Tälimlerden iň gowy pursatlary «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».