milli goshun logo
Watan gahrymanlaryna baky hormat!
Watan gahrymanlaryna baky hormat!
27.01.2023 1419 Harby özgertmeler

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda başlandy. Harby gullukçylar, harby talyplar we okuwçylar ata-babalarymyzyň gahrymançylyklarynyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýdular. Halkymyz özüniň gerçek ogullaryny uly hormat bilen sarpalaýar. Watanymyzyň Garaşsyzlygy ugrunda gaýduwsyzlyk görkezip, deňsiz-taýsyz edermenligiň nusgasy bolan pederlerimiziň ömür ýoly her bir harby gullukçy üçin nusgalyk mekdepdir. Ata-babalarymyzyň merdanalyk ýörelgelerini we gahrymançylyk ruhuny baýdak edinen merdana Watan goragçylary ýurdumyzyň çäklerini polat gala bolup goraýarlar.

Ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, ak ýürekden gulluk edýän harby gullukçylaryň yhlasy bilen ýurdumyzyň goranyş ukyby has-da pugtalanýar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyza wepaly gulluk etmek we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly belent Serkerdebaşymyzyň tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.