milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine nobatdaky harby atlary dakyldy
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine nobatdaky harby atlary dakyldy
23.01.2020 2460 Harby özgertmeler

Şu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylaryň birnäçesine Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin nobatdaky harby atlar dakyldy. Dabaraly çärä milli goşunymyzyň serkerdeleri, harby talyplar, okuwçylar hem-de goşun görnüşleriniň esgerleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk çäresi harby däp-dessurlaryň berjaý edilmegi bilen geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda merdana Watan goragçylary hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy boldy. Dabaranyň soňunda nobatdaky harby atlary alan harby gullukçylar mähriban halkymyza, eziz Watanmyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam kabul etdiler.

         «Milli goşun».