milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna  raýatlaryň çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylyşynyň tertibi
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine we beýleki goşunlaryna raýatlaryň çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylyşynyň tertibi
01.11.2019 1611 Harby özgertmeler

Häzirki wagtda güýzki çagyryş möwsüminiň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hataryna ýurdumyzyň ähli harby wekillikleri tarapyndan raýatlary harby gulluga çagyryş işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Biz hem öz nobatymyzda çagyryşa degişli  raýatlaryň milli goşunymyza kabul edilişiniň hereket edýän tertibi baradaky maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ýagny, bu döwür harby gulluga çagyryşa degişli raýatlara etrap ýa-da etrap hukukly şäher harby wekilliginden çagyryş hatynyň gelip gowuşmagyndan başlanýar. Olar çagyryş hatynda görkezilen wagtda harby wekillige gelip, bilimi, maşgala ýagdaýy we beýleki şahsy maglumatlary barada harby wekilligiň işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, lukmançylyk barlagyndan geçýärler. Raýatlar özlerinden soralýan ähli maglumatlar we milli goşunymyzda gulluk etmäge bökdençlik döredip biljek özlerinde bar bolan ýagdaýlary barada habar bermäge borçludyrlar.

Eger-de haýsydyr bir keseliň bardygy ýüze çykarylsa ýa-da onuň bardygy güman edilse, degişli saglyk edaralaryna ýollanma haty berilýär. Şonuň esasynda raýat, ýollanan saglyk edarasynda goşmaça lukmançylyk barlaglardan geçip, gerek bolsa bejergi alyp, olaryň netijeleri bilen harby wekilligi öz wagtynda habarly etmäge borçlandyrylýar.

Soňra harby wekillikleriň lukmançylyk topary tarapyndan doly derejede seljerilýär we raýatyň harby gulluga ýaramlylygy barada ýa-da gollanmalaryň talaplaryna laýyklykda beýleki degişli netijeler çykarylýar hem-de çagyryş toparyň  başlygynyň  garamagyna geçirilýär we raýata ýaramlylygy hem-de harby gulluga çagyrylýandygy barada habar berilýär, şeýle hem çagyryş haty gowşurylýar.

Eger raýat işleýän bolsa, ol çagyryş hatyny şol edaranyň işgärler bölümine görkezmeli. Iş beriji edara bolsa öz gezeginde harby gulluga çagyrylýan raýatyň iş ornuny saklap galmaly, doly däl aýyň dowamynda işlän günleri üçin zähmet hakyny raýatyň bank kartyna geçirmeli.

Çagyryş hatynda görkezilen wagtda etrap (şäher) harby wekillige gelen raýat bellenen topary bilen welaýat (welaýat hukukly şäher) harby wekilligine iberilýär we gutarnykly lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Soňra raýatlar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan çagyryş topary  tarapyndan olaryň hünärleri, başarnyklary,  ukyplary dogrusynda gürrüňdeşlik geçirilýär we onuň esasynda raýatyň çagyryş boýunça harby gullugyny haýsy goşun görnüşlerinde geçjekdigi kesgitlenýär.

Eger-de çagyryş toparynyň raýaty harby gulluga ugratmak hakyndaky kesgitli netijä gelen güni bellenen harby bölüme ugradylmadyk  ýagdaýynda, onda raýata welaýat (welaýat hukukly şäher) harby wekilligine ýene-de gelmeli güni görkezilip çagyryş haty berilýär.

Bellenilen toparlaryň gitmeli günleri harby bölümleriň serkerdeleri tarapyndan ýörite bellenilen harby gullukçylar topary kabul edip alýar we harby wekillikleriň wekilleri bilen demir ýol menziline baryp, olar dabaraly ýagdaýda harby bölümlere ugradylýar.

Harby gulluga çagyrylýan raýatlara öz ýanlary bilen ýuwunmak üçin serişdelerini we bar bolan ýagdaýynda sürüjilik şahadatnamasyny almagy maslahat berilýär.

Raýatlar harby wekilliklerden harby bölümlere ugradylan gününden harby gullukçylaryň statusyna eýe bolýarlar.

                                                                                                          «Milli goşun».