milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine gelen ýaş esgerler harby kasamy kabul edýärler
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine gelen ýaş esgerler harby kasamy kabul edýärler
18.11.2019 7828 Harby özgertmeler

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde harby kasamy dabaraly ýagdaýda kabul ediş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Güýzki çagyryş möwsüminde milli goşunymyzyň hatarlaryny dolduran harby gullukçylar dabaraly ýagdaýda Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdiklerine kasam edýärler.

Harby kasam goşuna täze gelen esgeriň Watan öňündäki mukaddes borjuna doly düşünýändiginiň we ony kabul edýändiginiň nyşany bolup durýar. Harby kasamy kabul etmek bilen harby gullukçy harby düzgünnamalaryň talaplaryny berjaý etjekdigine, öz serkerdeleriniň we başlyklarynyň buýruklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine äht edýär.

Bu harby däp ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Harby kasamy kabul edişlik dabarasyna esgerleriň ene-atalary we ýakynlary gelip, öz perzendiniň Watan goragçysy bolandygyna buýsanýarlar. Ýaş esgerler bolsa Watan goragynyň ar-namysyň, maşgalaň, öý-ojagynyň goragydygyna aňryýany bilen düşünýärler.

Harby kasamy kabul edenlerinden soň, esgerler öz harby borçlaryny ýerine ýetirip başlamaga hukuk gazanýarlar. Olar harby hünäri özleşdirip, tabşyryklary ýerine ýetirip we harby tälimlere gatnaşyp başlaýarlar.

 «Milli goşun».