12-nji noýabrda
Pariž şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş
Konferensiýasynyň 40-njy mejlisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Bilim
ministriniň orunbasary A.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti
gatnaşdy.
Baş
Konferensiýa BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş
direktory Odri Azuleniň çykyşlaryndan başlandy.
Baş
Konferensiýanyň birinji iş gününde 16 sany döwlet we hökümet baştutanynyň
gatnaşmagynda ekologiýa we multilateralizme bagyşlanan meseleler boýunça baş
ara alyp maslahatlaşmalar gurnaldy. Şeýle-de Baş Konferensiýanyň çäklerinde
bilime we medeniýete bagyşlanan ýokary derejeli forumlar geçiriler.
Türkmen
wekiliýetiniň saparynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň ýokary wezipeli wekilleri,
şeýle-de Fransiýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen
duşuşyklar meýilleşdirilendir.
Baş
Konferensiýa öz işini 27-nji noýabra çenli dowam eder.