milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
15.12.2022 270 Habarlar

14-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlar barada pikir alşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýokary we Hökümet derejesinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna ýokary baha berdiler.

Söhbetdeşler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler. Döwlet Baştutanlary häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn esasda işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, amala aşyrylýan bilelikdäki birnäçe iri taslamalary munuň mysaly hökmünde görkezdiler.