milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
16.09.2022 431 Habarlar

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellemek gerek. Muňa türkmen tebigy gazyny Russiýa Federasiýasyna ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklar hem mysal bolup biler.

Dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ulagyň, üstaşyr geçelgeleriň, logistikanyň orny strategik ähmiýete eýedir.

Taraplaryň umumy pikirine görä, netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Ylym ulgamynda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesine garalýar. Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hem uly işler amala aşyrylýar.