milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurban baýramyny bellemek hakynda
10.08.2019 375 Habarlar

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2019-njy ýylyň 11-12-13-nji awgustynda bellemeli we şol günleri iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününi 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy awgusty.