milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşygy
16.09.2022 340 Habarlar

15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy beýan edildi.

Syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň Daşary işler ministrliklerine «Ýol kartasyny» taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Oňa ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de hökümetara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipler girizilse, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini hasaba alyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi. Şeýle-de, «Bir guşak, bir ýol» strategiýasyny «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» konsepsiýasy bilen utgaşdyrmak hakynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meselesine garamaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi.